Arhiw

«Twitteriň» ýolbaşçysy iş başyndan gidýär

13:1430.11.2021
0
1261

«RIANowosti» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, «Twitter Inc.» amerikan kompaniýasy öz ýolbaşçysy Jek Dorsiniň iş başyndan gitmek barada arzasyny resmi tassyklady, onuň ýerini kompaniýanyň tehniki drektory Parag Agarwal eýelär. Agarwaly direktorlar geňeşi baş direktor wezipesine biragyzdan saýlady.

Kompaniýanyň öňki ýolbaşçysy Dorsi iş başyndan gel ýylyň maýynda gider, ol şoňa çenli Parag we direktorlar geňeşiniň täze başlygy Bret Teýlor bilen öz tejribesini paýlaşar.

Bu habaryň yzysüre «Twitteriň» paýnamalary biržada 5 göterim gymmatlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň