Soňky habarlar

Arhiw

Ýene hökümet başlyklygyna bellendi

13:1230.11.2021
0
954

«INTERFAX.RU» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Şwesiýanyň parlamentiniň deputatlary ýurduň sosial-demokratlar partiýasynyň lideri Magdalena Anderssony premýer-ministr wezipesine gaýtadan saýladylar. Bu barada şwed telewideniýesi habar berdi.

Anderssony deputatlaryň 101-si goldady, 75 deputat saklandy we 173-si garşy çykdy. Emma Şwesiýada kabul edilen ulgama laýyklykda, dalaşgäriň saýlanmagy üçin onuň köplügiň sesini gazanmagy hökman däl-de, köplügiň onuň garşysyna ses bermezligi ýeterlikdir.

Öň Andersson premýer-ministr wezipesine 24-nji dekabrda tassyklanypdy, emma ol wezipä saýlanandan birnäçe sagat soň iş başyndan gitmek barada arza berdi.

Netijede, Şwesiýanyň täze saýlanan hökümet başlygy ýurduň 34-nji premýer-ministri we bu wezipedäki ilkinji zenan syýasatçy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň