Soňky habarlar

Arhiw

Stambuly harasat basdy

12:2130.11.2021
0
6906

Düýn Türkiýäniň Stambul şäherini basan deňiz harasaty iki adamyň pida bolmagyna getirdi, bu barada ýurduň NTV teleýaýlymy habar berdi. Wepat bolanlary güýçli ýeliň goparan bina üçekleri basdy. Şeýle-de 9 adam hassahana göterildi. Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideogörnüşlerde harasadyň agaçlary ýykýandygy görünýär, Çatalja etrabynda hatda sagatly diň hem ýykyldy.

Türkiýäniň Howa gullugy boýunça baş edarasynyň maglumatlaryna görä, ýeliň tizligi ýurduň günorta-gündogar böleginde 80 km/sag.-a ýetdi, harasat sebäpli «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň uçarlarynyň birnäçesi Stambula gonup bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň