Soňky habarlar

Arhiw

YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti elektron söwda barada pikirini beýan etdi

11:4630.11.2021
0
1079

YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti, EYR-nyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçysy Golam Hosseýn Şafei 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitinde elektron söwda barada öz pikirini beýan etdi. Onuň çykyşy «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.

— Mälim bolşy ýaly, tebigy baýlyklary we adam serişdeleri nukdaýnazaryndan, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişligi umumy bazara hem-de ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, ykdysady işiň islendik görnüşini alyp barmakda amatly sebit hasaplanýar. Şoňa görä-de, biziň wezipämiz serişdeleri toplamak üçin bar bolan mümkinçilikleri ulanmakdan, agza döwletleriň arasyndaky özara hereketleri giňeltmekden, guramanyň çäginde ykdysady, söwda we maliýe ugurly hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek bilen bagly oňyn esaslary döretmekden ybaratdyr. Munuň özi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň kuwwatly ykdysady birleşikleriň biri hökmünde eýeleýän ornuny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berer.

Ýeri gelende, anyk maglumatlara ýüzlensek, geçen ýylda guramanyň agza döwletleriniň dünýä söwdasy 661 milliard amerikan dollaryna barabar bolup, onuň 8,3 göterimi, ýagny 55 milliard dollary sebitiçi söwdanyň paýyna düşýär.

Üstümizdäki ýyl üçin YHG-nyň agzalan ugurdaky görkezijileri entek çap edilmedi, muňa garamazdan, koronawirus pandemiýasy zerarly dörän ýagdaýlaryň oňa täsirini ýetirendigini aýdyp bileris. Çünki dünýäde dowam edýän COVID-19 çökgünligi söwda zynjyrynyň arasynyň üzülmegine getirmek bilen, agza ýurtlaryň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyna, umuman, guramanyň çägindäki söwda amallarynyň işine ýaramaz täsir etdi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda elektron söwdany ösdürmäge aýratyn üns bermek, bu ugurda bilelikdäki taslamalary herekete girizmek, sebitleýin ylalaşyklary, hususan-da, YHG-nyň Söwda ylalaşygyny durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak bilen bagly çäreler umumy çökgünlik ýagdaýyndan çykmagyň esasy ýoly hasaplanylýar. Şunda degişli Söwda ylalaşygynyň «YHG-nyň 2025-nji ýyla çenli garaýyşlarynda» kesgitlenen erkin söwda hakyndaky resminamany iş ýüzünde amala aşyrmaga ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr.

Guramanyň çäginde dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde sebitde kän ulanylmaýan mümkinçilikleri herekete girizmek has bähbitli bolup biler. Men şunda syýahatçylygy, aýratyn-da, saglygy dikeldiş maksatly syýahatçylygy, üstaşyr geçirmek hem-de ýükleri daşamak ýaly ugurlary göz öňünde tutýaryn. Ozaldan bar bolan demir ýol we awtomobil geçelgelerini işjeň ulanmak, energetika, nebitgaz we nebithimiýa, hususy ulgam boýunça hyzmatdaşlyk hem özara gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň aýrylmaz bölegidir. Biz döwlet-hususy hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmegi hem YHG-nyň giňişliginde umumy ykdysady ösüşi gazanmakda möhüm ugur hasaplaýarys.

Türkmen paýtagtynda ýokary derejede guralan işewürlik maslahatynda, YHG-nyň 15-nji sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde, tagallalary birleşdirip, ählumumy ösüşi gazanmakda wajyp ädimleriň ädiljekdigine ynanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň