Soňky habarlar

Arhiw

Arkalaşygyň Kubogy — 2015: Şowsuz çykyş eden toparlaryň ilkinji ýeňişleri

22:2223.01.2015
0
2969

Sankt-Peterburg, 24-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Sankt-peterburgda dowam edýän Arkalaşygyň Kubogy ugrundaky ýaryşda  9—12-nji orunlar ugrunda ilkinji duşuşyklar geçirildi. Ilki bilen Sport-konsert toplumynyň futbol meýdanynda Estoniýanyň we Moldowaň ýygyndylary çykdylar. Garaşylyşy ýaly, oýun gyzykly göreşde geçdi we diýseň netijeli tamamlandy. 1-nji minutda moldowanlar hasaby açdylar. 31-nji minutda bolsa eýýäm estoniýalylar 2:1 hasabynda öňe çykdylar. Muňa garamazdan, garşydaşlar 2:2 hasabynda arakesmä çykdylar.

Ikijni ýarymda Moldowaly futbolçylar Ion Ursunyň 63-nji minutda geçiren pökgüsi netijesinde (3:2) üstünlik gazandylar. Dogry, şondan 14 minut geçensoň bu topar hasaby artdyryp biljekdi. Ýöne Danu Spetaru 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Şeýlelikde moldowanlar ýaryşdaky ilkinji ýeňşini gazandylar.

Soňra futbol meýdanyna Latwiýanyň we Litwanyň ýaşlary çykdylar. Duşuşygyň 85-nji minutyna çenli hasap açylmady. Ýöne soňra galan 5 minutda latwiýalylar netijeli iki hüjüm geçirmegi başardylar. Ilýa Şatçins (85-nji minut) we Nikita Iwanows (90-njy minut) tapawutlandylar.

Indi 24-nji ýanwarda 9—10-njy orunlar ugrunda Moldowa — Latwiýa, 11—12-nji orunlar ugrunda Litwa—Estoniýa duşuşar.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015. 23-nji duşuşyk (9—12-njy orun ugrundaky duşuşyk), 7-nji oýun güni.

ESTONIÝA — MOLDOWA  2:3 (2:2)

22-nji ýanwar, 2015-nji ýyl, Sankt-Peterburg Sport-konsert toplumy 300 tomaşaçy. 

Eminler: Ýuriý Aponasenko, Dmitri Nadymow, Dmitri Žwakin.

Estoniýa: Igonen, Wihmann, Awilow (Ýuhkam, 46), Paur (Marin, 46), Kirss, Sappinen (k), (Kauber, 82), Pýurg, Peetsen (Tekko, 59), Gusew (Suupere, 59), Sobçenko (Aland, 76), Miýagi (Aloe, 71).

Baş tälimçi: Martin Reým.

Molodowa: Misu, Roşka (Dulgeru, 33), Graur, Çofu (Bežan, 46), Byrdan (Paireli, 54), Spetaru (k) (Burlaku, 88), Makriski, Rogk, Duger (Razganýuk, 40), Semirow (Andronik, 90), Lakusta (Ursu, 46).

Baş tälimçi: Igor Ursaki.    

Pökgüleri geçirenler: Lakusta (1), Gusew (17), Kirss (31), Çofu (44, 11 metrlik urgudan), Ursu (63).

Geçirilmedik 11 mertlik urgy: Spetaru (77).

Duýduryş alan oýunçylar: Wihmann (30), Awilow (43), Semirow (45).

Oýundan çykarylan oýunçy: Matweý Igonen (73).

Iň gowy oýunçylar: Robert Kirss, Dmitri Semirow.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015. 24-nji duşuşyk (9—12-njy orun ugrundaky duşuşyk), 7-nji oýun güni.

LATWIÝA — LITWA — 2:0 (0:0)

22-nji ýanwar, 2015-nji ýyl, Sankt-Peterburg Sport-konsert toplumy 300 tomaşaçy. 

Eminler: Alekseý Suhoý, Konstantin Zasulski, Mihail Raspopow.

Latwiýa: Wiksna, Stuglis, Berenfelsd (Witolneks, 90), Flaksis (k), Tindenberg, Iwanows (Ýaudzems, 90), Litwinskis (Şlampe, 46), Kruşatins  (Kirilins, 46), Klimaşeýewiç, Indrans (Şadçins, 46), Swarups (Gutkowskis, 52).

Baş tälimçi: Daýnis Kazakewiçs.

Litwa: Gertmonas, Truçinskas, Krasnowskis (Ganusauskas, 87), Kruşnauskas (Skripkinas, 76), Gaşpuitis, Armanawiçýus (Witukinas, 73), Buçma (Ubris, 77), Ýanuşewski (k), Malinauskas, Ubris, Razýunas.

Baş tälimçi: Arminas Narbekowas.    

Pökgüleri geçirenler: Şadçins (85), Iwanows (90).

Duýduryş alan oýunçylar: Malinauskas (39), Gaşpuitis (59), Kirilins (84).

Iň gowy oýunçylar: Dmitris Klimaşewiçs, Aurimas Truçinskas.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň