Arhiw

Türkmen telekeçileri DEE 2022-ä gatnaşmaga çagyrylýar

10:2930.11.2021
0
429
Türkmen telekeçileri DEE 2022-ä gatnaşmaga çagyrylýar

2022-nji ýylyň 22-nji martynda «Digital Engineering Expo 2022» (DEE 2022) Halkara sanly sergisi öz işine başlaýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi web saýtynda habar berilýär.

Sanly gözden geçirişiň geçirilmegini teklip edijiler bolup, «АВ Capital s.r.o.» slowakiýa kompaniýasynyň operatorynyň ygtyýarlyklaryny edinen ýewropa edaralarynyň birnäçesi çykyş edýärler.

DEE 2022 - sanly ykdysadyýetiň şertlerinde bu kärhananyň netijeli we ulgamlaýyn ösüşine itergi berýän özboluşly guralydyr. Serginiň innowasion formaty eksponentlere we sergä gelýänlere energetika, maşyn gurluşygy, elektrik energiýasy, nebiti-gazy gazyp alyjy, nebiti-gazy gaýtadan işleýji, nebit himiýasy we metallary gaýtadan işleýji pudaklaryň, şeýle hem inženerçilik we sanly tehnologiýalaryň ulgamynda işleýän IT-kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň öňdebaryjy sanly we adaty tehnologiýalary we önümleri bilen tanyşmaklaryna mümkinçilik berer.

DEE 2022 kärhanalaryň sanly özgerişleriň iň täsirli pikirlerini we tehnologiýalaryny birleşdirýär, senagat ulgamynda özboluşly sanly sergi ekologiki ulgamyny döredýär, ol gatnaşyjylara sanly üýtgeşmeleriň netijeli we ulgamlaýyn gurallaryny berýär, senagat kärhanalaryny sanly ykdysadyýetiň şertlerine kybap getirýär we liderlik derejesini üpjün edýär.

Eksponentler hökmünde DEE 2022 Ýewropa ýurtlaryndan, şeýle hem arap döwletlerinden halkara maýa goýumly gurluşlary, industrial kuwwatyň milli ýerleşýän we halkara senagat-önümçilik birleşmeleriniň taslamalarynyň maliýeleşdirilmegi bilen gyzyklanýan maýa goýum kompaniýalary we gaznalary gatnaşmagy meýilleşdirýärler. DEE 2022 dürli döwletleriň sarp edijileriniň we öndürijileriniň, şeýle hem halkara bilermenleriniň, hyzmatdaşlarynyň we maýa goýumçylarynyň arasynda interaktiw aragatnaşygyň amala aşyrylmagyna itergi berer.

Sanly gözden geçirişe 50 sany ýurtlardan 500 sany eksponentleriň we 200 sany myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar, olar DEE 2022 meýdançasynda onlaýn, şeýle hem oflaýn formatda duşuşyp bilerler.

«Digital Engineering Expo 2022» Halkara sanly sergisiniň işi alty aýlap, ýagny 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabryna çenli dowam eder.

Sergä gatnaşmak barada maglumatlary we bellige almak üçin şu salgylanma boýunça geçiň: https://engineering-expo.digital/ru

Goşmaça maglumatlary TSTB-den telefon belgileri boýunça alyp bolar: +99312 21-23-67

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň