Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada sakura baglygyny goramak üçin harby okuw-türgenleşikler ýatyryldy

15:0929.11.2021
0
779

Ýaponiýanyň günorta Okinawa adasynyň ýerli ýaşaýjylary harby tehnikanyň sakura agajynyň gülleýän şahalaryna zeper ýetirmeginden ätiýaçlanyp, harby okuw-türgenleşikleriň geçirilmegine garşy çykyş etdiler. Bu barada ýurduň NHK teleradio kompaniýasy habar berdi.

Ýaponiýanyň Motobu ýarymadasynda Ýae dagy ýerleşýär, ol bütin ýurtda dagyň çürbaşyna eltýän üljelik, ýagny sakura bagýodasy bilen meşhurdyr. Bagýodanyň iki tarapynda sakuranyň 700 düýbi oturdylan. Olar Okinawanyň mylaýym howasynda eýýän ýanwaryň aýagynda gülleýär. Alabaharyň sakuranyň ak-gülgün güllerine beslenýän ajaýyp keşbini synlamak üçin bu ýere ýurduň çär künjeginden adamlar gelýärler.

Harbylaryň bu ülje bagýodasynyň etrabynda okuw-türgenleşigini geçirmekçi bolýandyklaryny eşidip, ýerli adamlar garşy çykdylar. Netijede, ilata harbylary okuw-türgenleşikden ýüz öwürtmek başartdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň