Çehiýanyň Prezidenti ýurduň täze premýer-ministrini belledi

14:5129.11.2021
0
931

Çehiýanyň Prezidenti Miloş Zeman respublikanyň täze hökümet başlygyny bellemek dabarasyny aýna güpde geçirdi, bu barada ýerli radioýaýlym habar berdi.

Dabaranyň şeýle adaty bolmadyk görnüşde, ýagny Zemanyň aýna güpüň içinde oturyp gatnaşmagynda geçirilmeginiň özüne ýetesi sebäbi bar, sebäbi çeh prezidenti koronawirus keselli bolmak bilen, özüni köpçülikden çetde saklamalydyr.

Dabara Zemanyň Praga şäheriniň golaýyndaky Lana köşgünde ýerleşýän kabulhanasynda geçirildi. Döwlet baştutany dabarada audioaragatnaşyk arkaly çykyş etdi.

Çeh Respublikasynyň premýer-ministri wezipesine parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanan Sagçy liberal raýat demokratik partiýasynyň başlygy Petr Fialu bellendi.

Ýeri gelende aýtsak, 77 ýaşly Miloş Zeman aýaklarynyň newropatiýa keselinden ejir çekensoň, maýyplaryň arabasynda hereket edýär, golaýda bolsa lukmanlar onda bagyr ýetmezçiligini hem ýüze çykardylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň