Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Eýran ozalky gaz ylalşygyny gaýtadan dikeltmekçi

23:5627.11.2021
0
542
Türkmenistan bilen Eýran ozalky gaz ylalşygyny gaýtadan dikeltmekçi

Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy bar bolan bökdençlikleri aradan aýryp, gaz ylalaşygyny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada EYR-nyň Prezidenti Ebrahim Raisi Aşgabatda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiklerinde aýtdy.

"Eksportyň artmagyny we ösüşi gazanmak üçin biz bökdençlikleri aradan aýyrmaly» diýip, eýran Lideri eýranly işewürler we telekeçiler bilen duşuşygynda belledi.

Ykdysadyýet babatda Hökümetiň bu günki gün esasy ileri tutýan ugry hökmünde Raisi ähli ulgamlarda, şol sanda ykdysadyýet we söwdada öňegidişlik gazanmagy göz öňünde tutýar.

"Ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin laýyk bolan ykdysady we söwda infrastruktura bar. Şonuň üçin hem biz söwdagärleriň we eksport edijileriň işini ýeňilleşdirip, bu ugurda tagallalary etmelidiris» - diýip, ol belledi.

Eýranyň Prezidentiniň şeýle hem belleýşi ýaly, Eýranyň ŞHG agza bolmagy sebitiň döwletleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge oňyn ýardam eder.

Ýatlatsak, Eýranyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin resmi sapar bilen Aşgabada geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň