Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepde TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy

09:5529.11.2021
0
746

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Türkiýäniň, Polşanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Özbegistanyň täjirleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynyň önümi bolan polietileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 25 million 509 müň dollaryndan gowrak boldy.

Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 48 müň manatdan gowrak boldy.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin polietileni, pagta süýümini hem-de el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 160 million 269 müň manatlykdan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň