Soňky habarlar

Arhiw

Ebrahim Raisi Türkmenistandaky eýranlylar bilen duşuşdy

12:3028.11.2021
0
1618

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi Aşgabada amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanda ýaşaýan eýran raýatlary bilen duşuşdy. Raisi duşuşygyň dowamynda çykyş edip, daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylaryň Eýran Yslam Respublikasynyň raýatlarydygyny, dünýädäki ilçihanalarynyň olaryň öz Watanlaryna syýahatlaryny, iş ýerlerini we maýa goýumlaryny ýeňilleşdirmäge ýardam bermelidiklerini belledi.

Eýran Lideri Türkmenistanda ýaşaýan eýranlylar bilen bolan duşuşygynda sebit döwletleri, esasanam, goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.

– Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady, medeni we syýasy hyzmatdaşlygyň derejesini ýeterlik däl diýip hasaplaýarys. Biz Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky ählumumy gatnaşyklary giňeltmelidiris.

Sebit we goňşy ýurtlar Eýranyň hyzmatlaryna we harytlaryna ynanýarlar, şonuň üçin-de biz bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalanmalydyrys.

Raisiniň pikiriçe, iki ýurt nebit, gaz, energiýa we ulag-kommunikasiýa ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge borçlanýar. Eýran Lideri Eýranyň sebitdäki eksportynyň paýyny iki esse artdyryp, 40-50 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň