Bir romanyny ýigrimi ýylda tamamlady

18:0128.11.2021
0
824

«Biz soňundan başlaýarys» atly meşhur romanyň awtory, britan ýazyjysy Kris Uitaker bu eserini 20 ýyllap ýazandygyny RIANowosti habarlar gullugynyň habarçysyna beren beýanatynda gürrüň berdi.

«Roman meniň durmuşymyň çarkandakly öwrümlerinde iň ýakyn syrdaşym boldy, ony ýazmak maňa ýeňil düşmedi» diýip, Uitaker romanyň döreýşini gürrüň berende nygtady. Ýazyjy hatda kä gijeler birje setiri täzeden ýazmak üçin stoluň başyna geçendigini, eserdäki käbir wakalary beýan etmek üçin telim aýlaryň gerek bolandygyny ýatlady.

«Mysal üçin, käbir gahrymanlaryň özara gürrüňini beýan etmek üçin arly ýyly sarp eden gezegimem boldy, käbir baplary tamamlamak üçin tutuş aý gerek bolýardy» diýen ýazyjy hatda eserini ýazmagy taşlamak kararyna gelen gezekleriniň bolandygyny-da ýatlady.

Kris Uitakeriň ýigrimi ýylda ýazyp tamamlan romany «Altyn hanjar» edebiýat baýragyna mynasyp boldy, üstümizdäki ýylda iň köp okalýan eserleriň sanawyna girdi. Beýik Britaniýanyň edebiýat neşirleriniň köpüsi onuň «Biz soňundan başlaýarys» atly romanyny «2020-nji ýylyň iň oňat trilleri» diýip yglan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň