Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammiti öz işine başlady

13:1028.11.2021
0
1465

Şu gün, 28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammiti öz işine başlady.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-niň agzasydyr. Ýokary derejedäki bu duşuşyk Aşgabatda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýär. Bu forum hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara, sebit hem-de halkara düzümleriniň derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda abraýly gurama bolan YHG-niň düzüminde bu guramanyň agza döwletleriniň arasynda dürli pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, YHG-niň dünýä derejesinde ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýär.

Bu gezekki sammitiň milli senenamamyzyň şanly wakasy — döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň Merkezi banky sammitiň geçirilmegi mynasybetli gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň