Berdimuhamedow gyrgyz kärdeşini kabul etdi

09:5628.11.2021
0
692

2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Saparyň dowamynda Sadyr Žaparow türkmen paýtagtynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitine gatnaşar.

Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekki ösüş meseleleri, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň