Arhiw

«Bossan concept» dükanlarynda Täze ýyl arçalarynyň döwrebap modelleriniň täze görnüşleri peýda boldy

08:4528.11.2021
0
5882

«Bossan concept» dükanlary ulgamynyň işgärleri «Arçasyz Täze ýyl – bu doglan gününde ýaş toýy bellenilmeýan ynsan mysalydyr» diýen pähimden ugur alyp, ýetip gelýän maşgala baýramy üçin niýetlenilen arçalaryň satuwyny eýýämden ýola goýup başladylar.

«Bossan concept» dükanlary ulgamynyň hünärmenleri: «Biz Gollandiýanyň «Royal», Taýlandyň «Holiday Tree Factory» we dünýä meşhur hytaý arça öndürijileri ýaly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Arçalarymyz täsin tehnologiýanyň kömegi bilen mümkin boldugyça janly arçalara meňzeýär.» - diýip belleýärler.

«Bossan concept» dükanlarynyň satuwa çykaran Täze ýyl arçalary çagalar hem haýwanlar üçin howpsuzdyr, allergiýa duçar bolan ynsanlar üçin bolsa zyýansyzdyr. Çünki, bu ýerdäki Täze ýyl arçalarynyň berk metal aýagy bar.

«Bossan concept» dükanlarynda bar bolan ak-ýaşyl reňkli Täze ýyl arçalary bolsa, daşyndan göräýmäge tebigy arça ýaly görnüp, ak gara bürelen ýaşyl arçalary göz öňüňde janlandyrýar. Bu ýerdäki Täze ýyl arçalarynyň käbir görnüşlerinde bolsa dürli reňklerde ýanyp-sönüp duran owadan yşyklandyryjylar bar.

«Bossan concept» dükanlarynda 1,70 sm-den 4,50 metre çenli bolan dürli ululykdaky Täze ýyl arçalary bar. Bu arçalar çydamly we islendik otag üçin örän amatlydyr.

«Bossan concept» dükanlarynyň emeli arça agaçlary islendik giňişligi bezär we ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygyna mahsus ruhy galkynyşy döreder. «Bossan concept» dükanlaryndaky Täze ýyl arçalarynyň aşagy müşderilere ýakynlary tarapyndan taýýarlanylan baýramçylyk sowgatlaryny goýmaklyk üçin hem örän amatlydyr. Bu ýerdäki baýramçylyk arçalary çagalara daşynda tegelenip we el tutuşyp, Täze ýyl tansyny etmekleri üçin hem örän amatlydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň