Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 5-nji mejlisine taýýarlyk görülýär

23:1526.11.2021
0
433

Türkmenistanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 5-nji mejlisine taýýarlyk görülýär. Bu barada Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde habar berildi.

Dürli pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly bu toparyň 5-nji mejlisini geçirmek teklip edilýär. Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnamany kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Milletiň Lideri dostlukly türkmen-gyrgyz gatnaşyklary barada aýdyp, özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy, ysnyşykly işewür gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Munuň özi iki doganlyk ýurduň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýär.

Netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ösdürmekde, ony hil taýdan täze derejä çykarmakda Bilelikdäki hökümetara topara möhüm orun degişlidir. Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň 5-nji mejlisini geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýer Ç.Purçekowa guramaçylyk meseleleriniň talabalaýyk çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň