Soňky habarlar

Arhiw

Döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we gelejegi ara alnyp maslahatlaşylar

12:0723.01.2015
0
2556

Aşgabat, 23-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Sloweniýa Respublikasynyň Lýublýana şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň birinji mejlisi geçiriler. Onuň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyna we geljegine degişli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, energetika, ulag ulgamlarynda, oba hojalygynda, dokma senagatynda, syýahatçylyk we sport, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri bar.

Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynyň gün tertibi barada hem habar berdi. Onuň çäklerinde 2015 — 2017-nji ýyllarda bilelikde işlemegiň meýilnamasyna, energetika we üstaşyr-ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň meselelerine garalar. Şeýle hem Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň