Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2022-nji ýylda elektrik energiýasyny eksport etmek boýunça şertnamalar taýýarlanylýar

23:2026.11.2021
0
468
Türkmenistanda 2022-nji ýylda elektrik energiýasyny eksport etmek boýunça şertnamalar taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna 2022-nji ýylda degişli şertnamalary baglaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milletiň Lideriniň baştutanlygynda öňdengörüjilikli energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi bellenildi. Goňşy ýurtlara iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberi her ýyl artdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Geçirilen degişli işleriň netijeleri boýunça geljek ýylda elektrik energiýasyny goňşy döwletlere ibermäge degişli teklipler taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektrik energetikasynyň milli ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň biridigini nygtady. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän strategiýa laýyklykda, pudagyň ösdürilmegi ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga hem-de onuň eksportyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda pudagyň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde onuň önümçilik kuwwaty artýar. Munuň özi elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere iberilýän mukdaryny artdyrmaga hem-de onuň eksport ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär diýip, milletiň Lideri aýtdy we bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek babatda şertnamalar baglaşylanda, Türkmenistanyň ykdysady bähbitlerinden ugur alynmagynyň zerurdygyny belläp, wise-premýer Ç.Purçekowa hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň