TÝL ― 2021: «Altyn asyr» 250-nji ýeňşini gazandy

00:2527.11.2021
0
606

«Altyn asyr» futbol topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda gazanan ýeňişleriniň sanyny 250-ä tegeledi. «Aragatnaşykçylar» ýubileý ýeňşini çempionatyň 8-nji tapgyrynda gazandylar. Şol tapgyrda toparyň myhmançylykda «Energetigi» 1:0 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.

Milli çempionatymyzda 2008-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýän «Altyn asyr» iň kän ýeňşini 2016-njy ýylda gazandy. Topar şol möwsümde 36 duşuşygyň 30-syny ýeňiş bilen tamamlady.

«Aragatnaşykçylaryň» iň az ýeňiş gazanan möwsümi bolsa 2009-njy ýyldyr. Ýokary ligadaky ikinji möwsüminde topar bary-ýogy 6 gezek ýeňiş gazanyp bilipdi. Eýýäm şu möwsümde altynjy ýeňşini gazanan «Altyn asyryň» bu sepgide ýetendigini görmek kyn däl.

Şeýlelikde, «Altyn asyr» Ýokary ligada iň kän ýeňiş gazanan toparlaryň sanawynda altynjy orny eýeleýär. Bäşinji orundaky «Ahalda» 251 ýeňiş bar. Diýmek, mundan beýläk iki toparyň arasynda diňe çempionlyk üçin däl, ýeňişleriň sany boýunça hem ýiti göreş dowam eder.

Ýeri gelende aýtsak, milli çempionatymyzda iň kän ýeňiş gazanan topar onuň ähli möwsümlerinde hem çykyş edip gelýän «Nebitçidir». Balkanabat şäheriniň topary Ýokary liganyň 29 möwsüminde 457 ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň