Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: «Şagadam» bilen «Köpetdag» möwsümde ilkinji gezek myhmançylykda ýeňiş gazandy

00:2027.11.2021
0
666

«Şagadam» bilen «Köpetdag» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 29-njy möwsüminde myhmançylykdaky ilkinji ýeňşini 8-nji tapgyrda gazandy.

Mälim bolşy ýaly, bu toparlaryň ikisi hem ýer eýelerinden 2:1 hasabynda üstün çykdylar. Has takygy, «Şagadam» Maryda «Merwi», «Köpetdag» bolsa paýtagtda «Aşgabady» ýeňdi.

Şeýlelikde, Ýokary liganyň 8 wekiliniň 5-si şu möwsümde myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp gördi. Bu babatda iň ýokary netije üç ýeňiş gazanan «Altyn asyra» degişlidir. «Ahalyň», «Merwiň», «Şagadamyň» we «Köpetdagyň» hasabynda bolsa myhmançylykdaky duşuşyklarda bir ýeňiş bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň