Gawanada Fidel Kastronyň miras merkezi açyldy

15:2227.11.2021
0
365
Gawanada Fidel Kastronyň miras merkezi açyldy

Gawanada Kubanyň milli Lideri Fidel Kastronyň aradan çykanynyň bäş ýyllygyna gabatlanyp, onuň mirasyny gorap saklamak boýunça Merkez dabaraly ýagdaýda açyldy. Dabara general Raul Kastro, ýurduň Prezidenti Migel Dias-Kanel hem-de Wenesuelanyň döwlet baştutany Nikolas Maduro gatnaşdy. Fidel Kastronyň merkezi 1959-njy ýylda bolan Kuba rewolýusiýasynyň öňbaşçysynyň taryhy mirasyna bagyşlandy.

Merkezdäki saklanýan gymmatlyklaryň arasynda Kubanyň lideriniň 40 müňden gowrak şekili görnükli orny eýeleýär.

Kastro Kuba rewolýusiýasynyň liderleriniň biri bolup, ol soňra birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ýurdy dolandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň