TÝL ― 2021: 8-nji tapgyr möwsümiň az golly tapgyry boldy

00:1527.11.2021
0
245
TÝL ― 2021: 8-nji tapgyr möwsümiň az golly tapgyry boldy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyry möwsümdäki iň az pökgi geçirilen tapgyr boldy. Dört duşuşykda derwezelere bary-ýogy 7 pökgi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, tapgyrda «Merw» öz meýdanynda «Şagadamdan» 1:2, «Energetik» öz meýdanynda «Altyn asyrdan» 0:1, «Aşgabat» hem öz meýdanynda «Köpetdagdan» 1:2 hasabynda asgyn geldi. Balkanabatda ýerli «Nebitçi» bilen «Ahalyň» duşuşygynda bolsa hasap açylmady.

Möwsümiň mundan ozalky iň pes netijesi 2-nji tapgyra degişlidir. Şol tapgyrda derwezelere 8 pökgi geçirilipdi. Möwsümiň iň golly tapgyry bolsa 1-nji tapgyr boldy. Bu tapgyrda dört duşuşykda janköýerler 15 gola şaýat boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň