Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur owgan gyzy Italiýa gitdi

15:1227.11.2021
0
1563

1985-nji ýylda «National Geographic» žurnalynyň daşky jildinde suraty ýerleşdirilen owgan gyzy Şarbat Gula düýn Bosgunlara kömek etmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde Italiýa äkidildi. Neşiriň daşky sahabynda Stiw Makkarri tarapyndan surata düşürilen fotoportreti ýerleşdirilen owgan gyzy öz wagtynda «owgan Mona Lizasy» diýlip atlandyrylypdy.

Ol ýurdy terk etmek islegi barada «Talyban» hereketi (RF-de gadagan edilen gurama) häkimiýet başyna gelenden soň habar beripdi, netijede, italýan hökümeti Owganystanyň telekeçilik däl guramalary bilen hyzmatdaşlyk Gulini Rime göçürmekligi guradylar.

Gula 12 ýaşyndaka Pakistanyň bosgunlar üçin düşelgesinde harby fotograf Stiw Makkarri tarapyndan surata alnypdy. 2002-nji ýylda fotograf ony gözläp tapdy, häzir Şarbat 50 ýaşynda we onuň birnäçe çagasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň