Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: tapawutlanan futbolçylaryň sany 50-ä ýetdi

00:1027.11.2021
0
486

8-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 50-ä tegelendi. «Aşgabadyň» futbolçysy Döwran Berdiýew möwsümde pökgi geçiren 50-nji oýunçy boldy.

Sanawyň başyny 7 gol bilen «Ahaldan» Elman Tagaýewiň çekýändigini, ikinji orny bolsa 5 gol bilen «Şagadamdan» Nazar Towakelowyň eýeleýändigini habar beripdik.

Ilkinji üçlügi her biri 4 gezek tapawutlanan futbolçylaryň ikisi ― «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew bilen «Merwden» Amangeldi Saparow jemleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň