Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Almatydaky halkara ders olimpiýadasynda ýedi medal eýelediler

00:0223.01.2015
0
11262

Aşgabat, 22-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

2015-nji ýylyň 13 — 17-nji ýanwary aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen XI halkara Žautykow olimpiadasynda biziň oglanlarymyz diýseň şowly çykyş etdiler.

Matematika dersi boýunça zehin synagynda Döwlet Öwlüýägulyýew altyn, Alişer Söýünjow kümüş, Perman Iljanow bürünç, medal gazansalar, fizikada Döwran Amanowyň we Allamyrat Amanmädowyň yhlasy ýerine düşüp olar bürünç medal bilen sylaglandylar. Olaryň ählisi Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň okuwçylarydyr.

Şeýle hem informatikada paýtagtyň ýötireleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçylary Sylap Alyýew bilen Baýram Berdiýew tapawutlandy. Olara bürünç medal gowşuryldy.

—Şeýle bäsleşikler diňe bir biziň okuwçylarymyzyň bilimini halkara derejesinde barlap görmäge mümkinçilik bermän, eýsem, çagalarymyzyň dürli ýurtly deň-duşlary bilen pikir alyşmagyna, dostlaşmagyna şert döredýär. Almatydaky zehin bäsleşigine 15 döwletden 395 okuwçynyň gatnaşandygy hem köp zatdanhabar berýän bolsa gerek — diýip, 22-nji ýanwarda 84-nji orta mekdepde Gazagystandan baýrakly dolanyp gelen mekdep okuwçylarynyň sylaglaýyş dabarasy tamamlanansoň, Almaty şäherinden dolanyp gelen toparyň ýolbaşçysy, ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň fizika mugallymy Rustem Durdyýew “Türkmenportalyň” wekiline gürrüň berdi.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň