Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

13:0627.11.2021
0
887

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanyna wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan, halkara giňişlikde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine ýokary baha berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurduň Ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçysyny mübärekläp, Türkmenistanyň mundan beýläk-de hoşniýetli goňşuçylyk däplerini hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalary etjekdigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi hem-de özara bähbitleri, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň umumylygyny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly geljegiň açylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman esasy ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň kuwwatly, uglewodorod serişdelerine baý döwletlerdigini, olaryň önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, ýangyç serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi ugrunda çykyş edýändiklerini belledi. Şunuň bilen baglylykda, sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, mundan beýläk-de bilelikde energetika taslamalaryny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak meýli beýan edildi.

Merkezi Aziýada ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegiň, onuň halkara ulag düzümine netijeli goşulyşmagynyň geljegi bilen baglylykda, döwlet Baştutany täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin iki döwletiň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak maksady bilen, bilelikdäki çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, ulag ulgamy döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmenistandan Azerbaýjana, Azerbaýjandan Türkmenistana üstaşyr ýükleriň möçberleriniň artdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň degişli ulag guramalaryny çekmek arkaly geçirilýän iş duşuşyklarynyň, maslahatlaşmalaryň bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri öňden gelýän doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk, düýpli özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň