Türkiýäniň prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geler

23:4326.11.2021
0
7406

27-28-nji noýabrda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar. Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugynyň habaryna görä, sapara taýýarlyk şu gün hökümet ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türk lideri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşar we birnäçe ikitaraplaýyn gepleşik geçirer. Sammit gepleşiklerinden soň resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Türkiýäniň prezidenti soňky gezek 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana sapar bilen geldi. 2018-nji ýylda Erdogan Türkiýede geçirilen irki prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Şu ýylyň awgust aýynda Aşgabatda Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üç taraplaýyn sammit geçirmegi meýilleşdirýärdi. Bu sammit Türkiýäniň prezidentiniň haýyşy boýunça yza süýşürildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, iki goňşy ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň fewral aýynda ýola goýuldy. Şu güne çenli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasynda 168 resminama gol çekilip, bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Türkmen lideri, türk kärdeşiniň ýakyn wagtda boljak saparyny adaty hyzmatdaşlygy berkitmek, bar bolan mümkinçilikleri düşünişmek we häzirki zaman hakykatlaryna laýyk gelýän täze serhetlere uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin ýene bir ädim diýip hasaplaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň