Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNESKO emeli aň ulgamynda ilkinji global etik ülňüleri kabul etdi

11:0627.11.2021
0
795

ÝUNESKO bu halkara guramasyna agza döwletleriň tekliplerini nazara alyp, emeli aň ulgamynyň ösüşi üçin ilkinji global etik ülňüleri kabul etdi. Bu barada ÝUNESKO-nyň metbugat gullugynyň täzeliklerine salgylanyp, «milli.az» web sahypasy habar berdi.

ÝUNESKO-nyň agza döwletleriniň teklipleri adamlary emeli aň ulgamynyň artykmaçlyklaryny ulanmaga we bu tehnologiýalar bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmaga çagyrmaga gönükdirilendir.

Emeli aň ulgamynyň, esasanam düwnük (rak) keselini bejermeklik, açlyga garşy göreşmeklik we mätäç ýurtlara kömegiň has netijeli bolmaklygy babatda jemgyýetiň öňünde durýan çylşyrymly meseleleri çözüp biljekdigi baradaky pikirler ÝUNESKO-nyň nobatdaky maslahatynda öňe sürüldi.

ÝUNESKO-nyň agza döwletleri tarapyndan öňe dürülen teklipler kompaniýalary we hökümetleri şahsy maglumatlary goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga çagyrýar.

ÝUNESKO tarapyndan kabul edilen täze resminama howanyň üýtgemegine garşy göreş babatda-da emeli aň ulgamynyň işjeň ulanylmagyny talap edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň