Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka etraplaryna Aşgabatdan ynsanperwerlik ýüki ugradylar

23:3422.01.2015
0
5998

Aşgabat, 22-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka etraplarynyň ýaşaýjylaryna nobatdaky ynsanperwer kömegi hökmünde azyk önümleri we mekdep mebelleri ugradyldy.

Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda geçen ýyllaryň içinde berlen ynsanperwer kömekler üçin biziň milli Liderimize we bütin türkmen halkyna tüýs ýüreginden hoşallyk bildirip, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti taryhy we medeni ýakynlygyň mäkäm binýadynda ýola goýulýan däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýük ugradylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň biziň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar we köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýermek bilen, Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegine, ýurduň parahatçylykly durmuşynyň ýola goýulmagyna iş ýüzünde uly goşant goşýar. Goňşy ýurduň halkyna hemişe goldaw bermek bilen, Türkmenistan bütin sebitiň bähbitlerine däp bolan aragatnaşyklary has-da ösdürmäge öz meýlini tassyklaýar.

Dabara gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, hoşniýetli erkiň nobatdaky çäresi dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez däpleriniň nobatdaky aýdyň mysallarynyň birine öwrüldi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň