Soňky habarlar

Arhiw

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mary welaýatynda boldy

22:5322.01.2015
0
6321

Aşgabat, 22-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Türkmenistana döwlet saparynyň jemleýji güni Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Mary welaýatynyň dolandyryş merkezine bardyp gördi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda bolup gördi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan täsin ýadygärlikleriň bu toplumy açyk asmanyň astyndaky ägirt uly muzeý bolup, dünýäniň ähli künjeklerinden köp sanly syýahatçylaryň gelýän ýerine, şol bir wagtyň özünde milli we dünýä taryhynda hem-de medeniýetinde ylmy barlaglar we täze açyşlar üçin barlaghana öwrüldi.

Owganystanyň Baştutany hünäri boýunça antropolog, antropologiýa ylymlarynyň doktory bolup, gadymy türkmen topragynda geçirilýän arheologik barlaglara uly gyzyklanma bildirýär.

«Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görmeginiň barşynda Prezident Mohammad Aşraf Gani ähmiýetli binagärlik ýadygärlikleriniň birnäçesi bilen tanyşdy. Şolaryň biri Uly Gyzgala galasy bolup, ol VII — IX asyrlaryň ýadygärligi we goraghananyň özeni bolup durýar. Bu binagärlik sungaty diwarlarynyň bezeg aýratynlygy bilen ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Olar irki orta asyrlarda köşkleri bina eden türkmen binagärleriniň belent sungatynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Muhammet ibn-Zeýdiň kümmeti hem goraghananyň uly gyzyklanma döredýän ýadygärlikleriniň ýene biri bolup, ol Muhammet Hanapyýanyň kümmeti hökmünde bellidir. Kümmetiň ýüzünde bişen kerpiçden arap dilinde ýazylan ýazgy bolup, ol kümmetiň 1112—1113-nji ýyllarda halyf Alynyň bäşinji neberesinden bolan Muhammet ibn-Zeýdiň guburynyň üstünde bina edilendigini aňladýar.

Ilkibaşda kümmet çig kerpiçden uly bolmadyk mazar görnüşinde bolup, binanyň daş ýüzi bişen kerpiç bilen örtülipdi we üstünde gümmez oturdylypdy. Soňra üsti gümmezli kümmetde birnäçe gezek abatlaýyş işleri geçirilip, onuň ýanynda metjit guruldy. Häzir bu ajaýyp binagärlik toplumy orta asyr binagärliginiň iň gowy nusgalarynyň biri hökmünde ykrar edildi.

Gadymy Merwiň binagärligi bilen tanyşlyk Beýik Seljuklar döwletiniň soňky hökümdary Soltan Sanjaryň kümmetine baryp görmek bilen tamamlandy. Bu kümmet Merwiň binagärlik ýadygärligi we XII asyryň türkmen binagärliginiň merjeni hasaplanýar. Kümmet müňlerçe zyýaratçylaryň barýan ýeri bolup, daşary ýurtly jahankeşdelerde uly gyzyklanma döredýär.

Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman we türkmenistanda bilim alýan owganystanly talyplar bilen duşuşdy. Häzirki wagtda gazanylan döwletara ylalaşyklaryň netijesinde goňşy döwletiň 75 talyby ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça bilim alýarlar.

Duşuşygyň barşynda Owganystanyň Baştutany oňa gatnaşyjylary düýn geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri bilen tanyşdyryp, olaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny hem-de bilim ulgamynda hyzmatdaşlykda ikitaraplaýyn gatnaşyklara möhüm ähmiýetiň berilýändigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň