Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler

20:3126.11.2021
0
4813

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi 2021-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler.

YHG-nyň 15-nji sammitine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylyk eder. Sammit «Geljek üçin bilelikde» atly şygar esasynda geçer. Iri forumyň dowamynda Guramanyň işine syn berler we jemleýji resminama hökmünde «Hereket boýunça Aşgabat Jarnamasy» kabul ediler.

Pakistanyň Prezidenti sammitiň umumy mejlisinde çykyş eder, şeýle hem YHG-nyň nobatdaky mejlisine gatnaşýan beýleki ýurtlaryň Liderleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň