Soňky habarlar

Arhiw

Interpolyň täze başlygy saýlandy

17:1426.11.2021
0
1004

Birleşen Arap Emirliklerinden general Ahmad Naser ar-Raisi Interpol edarasynyň Prezidenti wezipesine saýlandy, bu barada gurama Twitterde habar berdi.

Öň bu wezipede 2018-nji ýyldan bäri Günorta Koreýadan Kim Çžon Ýan işleýärdi.

Interpol guramasy 1923-nji ýylda esaslandyryldy, häzirki wagtda 194 döwlet onuň agzasy bolup durýar. Bu döwletleriň her biriniň hukuk goraýyş edaralarynda beýleki ýurtlar bilen özara hyzmatdaşlygy dolandyrýan Milli merkezi edaralar döredildi.

Interpolyň işi jenaýat işlerini derňemekden ybaratdyr, esasy ugurlary — halkara häsiýetli jenaýatçylary we jenaýatlar barada habarlary toplamak hem-de seljermek, jenaýatçylary we dereksiz ýitenleri, şeýle-de ogurlanan emläkleri gözlemek bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň