Soňky habarlar

Arhiw

«Gyzyl Haç» Halkara geňeşiniň prezidenti saýlandy

17:1126.11.2021
0
787

Şweýsariýaly diplomat Mirýana Spolýariç Egger «Gyzyl Haç» guramasynyň Halkara Geňeşine 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap, ýolbaşçylyk eder. Assambelýa, ýagny GHHG-niň ýokary dolandyryjy edarasy Eggeri bu wezipä saýlady diýip, guramanyň häzirki başlygy Peter Maurer habar berdi, Maurer 2022-nji ýylyň sentýabrynda iş başyndan gider.

Egger 2018-nji ýyldan bäri BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň administratorynyň kömekçisi, bu Maksatnamanyň Ýewropa we GDA ýurtlary üçin sebit edarasynyň direktory bolup işleýär. Ol öň Şweýsariýanyň Daşary işler ministrliginde işledi.

«Gyzyl Hajyň» häzirki başlygy gurama on ýyl bäri ýolbaşçylyk edip gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň