Soňky habarlar

Arhiw

«Eýýam» hususy kärhanasynyň önümleri goňşy ýurtlara eksport edilip başlandy

14:5726.11.2021
0
3104
«Eýýam» hususy kärhanasynyň önümleri goňşy ýurtlara  eksport edilip başlandy

Metaldan dürli senagat önümlerini öndürýän «Eýýam» hususy kärhanasy önümlerini goňşy ýurtlara iberip başlady.

«Eýýam» hususy kärhanasynyň öndürýän köp görnüşli önümleri – dürli maksatly metal şkaflary, tekje ulgamlary, elektrik panelleri, gyssagly çykalga gapylary we serwer şkaflary ýokary hilli we ygtybarly önümlerdir.

«Eýýam» hususy kärhanasynyň önümçiligi bökdençsiz, doly durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän önümçilik ammary (bazasy) bar: şereketiň hünärmenleri ösüş üçin täzeçe önümçilik gözleglerini, işläp taýýarlamalary we synag işlerini alyp barýarlar hem-de yzygiderli önümçilige, önümleriň döwlet we halkara ülňülerine laýyk gelişine ünsli gözegçilik edýärler.

«Eýýam» hususy kärhanasynda öndürilen önümleriniň ýokary hilini üpjün edýän döwrebap enjamlar, ýokary derejeli çig mal we programma üpjünçiligi ulanylýar. Mysal üçin, «Eýýam» hususy kärhanasy önümleri üçin elektrostatik poroşok örtügini ulanýar. Bu örtük önümiň poslamagynyň öňüni alýar we dürli howa şertleriniň täsirinden goraýar. Esasy çig mal hökmünde bolsa metal listleri ulanylýar.

«Eýýam» hususy kärhanasynyň müşderileriniň arasynda «Mercedes-Benz», «Dragon oil», «Hyundai», CNPC», «Petronas», «Rönesans» we beýleki dünýä belli kompaniýalar bar. Mundan başga-da «Eýýam» hususy kärhanasy

«Schneider Electric» halkara kompaniýasynyň resmi hyzmatdaşy bolup durýar.

«Eýýam» hususy kärhanasynyň instagram sahypalary: @eyyamgroup;@eyyamgroup_international

«Eýýam» hususy kärhanasynyň telefon belgileri: +993 12 47 82 90,
+993 65 48 51 34;

«Eýýam» hususykärhanasynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň «10 ýyl Abadançylyk» köçesiniň 211/A binasy, «Altyn Asyr» söwda merkezi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň