Soňky habarlar

Arhiw

Owadandepedäki kärhanada şu ýyl 155,3 million manatlyk aýna önümleri öndürildi

13:0326.11.2021
0
1807

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginde ýerleşýän «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda şu ýylky önümçilikde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 144,4 göterimllik ösüş gazanyldy.

Has takygy, bu ýerde degişli döwürde 155 million 333 müň 594 manatlyk önüm öndürildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Ýylyň başyndan bäri sargytlar boýunça ol ýerde düz aýnanyň we çüýşe gaplarynyň dürli görnüşleri öndürildi. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde ýerli çig malyň ýokary derejede gaýtadan işlenilmegi önümlere islegiň barha artmagyny üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň