«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

10:4426.11.2021
0
615

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. Žurnalyň täze sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar.

Okyjylara hödürlenen «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň umumy häsiýetnamasy we aýratynlyklary» atly makalada kodeksi döwrüň talaplaryna laýyklykda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň islegine kybap getirmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berilýär. Žurnalda çap edilen «Ýaşlar: bilim almaga bolan hukugyň amala aşyrylyşy» hem-de «Türkmenistanda çaganyň hukuklarynyň amala aşyrylmagy» atly makalalarda bolsa ýaş nesillere bilim bermek, hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky meseleler gozgalýar, çaganyň hukuklaryny goramaga we ilerletmäge gönükdirilen milli maksatnamalara garalýar.

«Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy» atly makalada bu ugurda oňyn dünýä tejribesiniň öwrenilmegine uly ähmiýet berilýär.

«Energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde alternatiw energiýa çeşmeleriniň ähmiýetli orny» atly makalada ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselelerini çözmek bilen baglylykda bu ugurda hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtalýar. Alternatiw energetikany ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Munuň özi degişli maksatnamalarda we strategiýalarda, şol sanda ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen özara gatnaşyklarda beýanyny tapdy. Şunda ýurdumyzda kabul edilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Kanunyň ähmiýeti bellenilýär.

«Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri» atly makala hem okyjylaryň ünsüni çekse gerek. Onda Türkmenistanyň raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlary açylyp görkezilýär.

Neşiriň nobatdaky sanyny «Senenama» bölümi jemläp, onda duşuşyklar, maslahatlar, mejlisler, şol sanda onlaýn görnüşde halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklar beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň