Täze ýol üçin ýüzlerçe kenguruny ýok etmegi teklip etdiler

17:3925.11.2021
0
997

Awstraliýanyň Kanning şäherinde gurluşyga serişdeleri tygşytlamak üçin töwekgelçilikli çäreleri görmek kararyna geldiler, ýagny şäher geňeşi täze ýoluň we sport toplumynyň gurluşygy üçin ýer açmak maksady bilen, 300 sany kenguruny atmagy teklip etdi. Bu barada DailyMail habar berdi.

Ýüzlerçe kengury bu ýerde 67 gektar çäkde ýaşaýar, ekologik derňewiň netijeleri boýunça munisipal hökümet bu haýwanlary göçürmekden ýüz öwürdi, bu iňňän kän wagty aljak, onsoňam her bir haýwany göçürmek hem 1,6 müň dollara düşjek.

Ahyrky netijede şäheriň häkimligi kengurulardan halas bolmagyň iň oňat usuly hökmünde olary atmak kararyna geldi, bir haýwany ýok etmek şäheriň gaznasyna bary-ýogy 30 dollara düşjek diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň