Soňky habarlar

Arhiw

Ahmet Agamyradow: “Oglanlara berekella diýýän! Är işini bitirdiler! Öz atlaryny türkmen futbolunyň taryhyna ýazdyrdylar”

09:4022.01.2015
0
4121

Sankt-Peterburg, 22-nji ýanwar “Türkmenportal”.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015-de Täjigistanyň toparynyň garşysyna geçirilen çärýek final oýnunda biziň futbolçylarymyz ýeňiş gazanyp, öz öňlerinde goýlan wezipä aňryýany bilen hötde geldiler, ýarym finala çykdylar. Duşuşykdan soň Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow begençden ýaňa uçaýjak-uçaýjak bolýardy.

—Ýeňişden soň men nähili duýgulary başdan geçirip bilerin? Bu bolubilse diňe bagtyýarlyk! — diýip oýundan soňky metbugat maslahatynda A. Agamyradow aýtdy. — Biziň üçin bu hakykatdanda beýik ýeňiş!  “Oglanlara berekella diýýän! Är işini bitirdiler! Öz atlaryny türkmen futbolunyň taryhyna ýazdyrdylar”. Ýaryşa gelen ilkinji günümizden bäri garşydaşymyz Täjigistanyň bu ýerdäki toparlarynyň iň güýçlileriniň biridigini aýdyp gelýärin. Men mamla bolup çykdym. Elbetde, haçanda güýçli garşydaş bilen oýnanyňda aýratynda ýeňiş gazananyňda üýtgeşik duýgulary başdan geçirýärsiň. Öz futbolçylaryma sagbolsun aýdasym gelýär, biziň wepaly janköýerlerimize aýratyn minnetdarlyk bildirýärin. Şu günki ýeňiş olar we eziz Watanymyz üçin! Biziň ýurdumyzda häzir sport güýçli depginde ösdürilýär. 2017-nji ýylda Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

—Siziň 45-nji minutda geçiren oýunçy çalşygyňyz geňräk bolup göründi. Ýöne onuň badabat öz netijesini bermegi has-da haýran galdyrdy...

Ýok-la, bu ýöne bir bolaýan zat (gülýär)! Bu iki deliliň bir biri bilen hiç hili dahyly ýok. Men oýunçy çalşygyny futbolçynyň ýadanlygy sebäpli geçirdim. Aslynda ol oýna girip bilmedi, yzygiderli pökgi ýitirdi. Näme üçin 45-nji minutda diýjeksiňiz? Men muny oýunçynyň futbol meýdanyndaky howany duýmagy, birneme gyzyşyp, ikinji ýaryma taýýar derejede çykmagy üçin ýörite etdim. Pökgi bolsa özara gowy düşünişýän Nurmyradow bilen Annaýew jübütimiz yhlasy netijesinde geçirildi.

—Şu ýaryşa oýunçy synlamaga gelen hünärmenler 10-njy belgide çykyş edýän oýunçyňyzyň adyny belläp alan bolsalar gerek. Ol barada jikme-jigräk gürrüň beräýseňiz.

—Menden bu futbolçy barada köp soraýarlar. Gurban Annaýew öz futbol ýoluna Balkanabatda başlady. Bu şäheriň topary — Türkmenistanyň köp gezek çempiony. Ol hut şol toparyň esasy düzümine düşmegi başardy. Häzir “Ahalda” çykyş edýär. Bu toparyň düzüminde ol Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Umuman, zehinli oglan, ol futbola düşünýär, oňat pasy bar, oýny hem örän gowy “okap” bilýär.

—Siziň ýarym finaldaky indiki garşydaşyňyz — Finlýandiýanyň ýygyndysy. Siz olar bilen toparçada duşuşypdyňyz. Sizden üýtgeşik täzelige garaşyp bolarmy?

—Nämäniň üýtgeşik täzeligi? Ýa-da siz meniň eşigimi çalşyp, esasy düzümde futbol meýdanyna çykarymy isleýärsiňizmi? (Gülýär). Men gelejekki garşydaşymyz barada ýakymly sözleri köp aýtdym. Bu örän güýçli topar, ýöne bu tapgyrda gowşak topar bardyr öýdemok. Finlýandiýa — Ýewropanyň topary tehniki taýdan ýokary derejeli futbol oýnaýarlar. Olar pugta tertip-düzgüne eýerýärler. Ýeňil düşmeje-gä belli. Ýöne ýene olar bilen oýnaýandygymyz meniň üçin-ä gowy. Sebäbi men bu toparyň oýnuny bilýän.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň