ÝHHG Türkmenistanda žurnalistika boýunça okuw maslahatyny geçirýär

16:4625.11.2021
0
1037

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanyň žurnalistika hünäri boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Multimediýa žurnalistikasy: häzirki zaman žurnalistikanyň esaslary we tendensiýalary” atly mowzukda onlaýn okuw maslahatyny geçirýär. Onlaýn aragatnaşyk arkaly geçirilýän okuw maslahaty 24-26-njy noýabr aralygynda dowam edýär.

Okuw maslahatynda halkara bilermeni Zurab Kodalaşwili (Beýik Britaniýa) çykyş edip, häzirki zaman žurnalistikanyň ýörelgeleri, aýratyn-da multimediýa žurnalistikasynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň tendensiýalary barada gürrüň berýär.

3 günlük okuw maslahatyna Türkmenistanyň žurnalistika hünäri boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşýarlar.

Geljekde žurnalistika hünäri boýunça zähmet çekjek ýaşlaryň bu hünär bilen bagly bilimlerini kämilleşdirjek okuw sapaklary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, sosial ulgamlaryň döwrebap işi baradaky bilimleri, bu ugurda dünýä tejribesini özleşdirmekde has ähmiýetli maglumatlary gatnaşyjylary ýetirmegi, şonuň esasynda bolsa talyplar bilen pikir alyşmagy maksat edinýär.

Ýeri gelende şu gün onlaýn okuwyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan temalar boýunça sapaklaryň geçirilendigini belläp geçmek bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň