Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylary Arkalaşygyň Kubogy — 2015-de öz öňlerinde goýlan wezipä aňry ýany bilen hötde geldiler

09:2722.01.2015
0
4613

Sankt-Peterburg, 22-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015. 21-nji duşuşyk (1/4 final), altynjy oýun güni

TÄJIGISTAN — TÜRKMENISTAN — 0:2 (0:1)

21-nji ýanwar, 2015-nji ýyl, Sankt-Peterburg, Sport-konsert toplumy, 1000 tomaşaçy.

Eminler: Andreý Fisenko, Raşit Abusuýew, Andreý Runow.

Täjigistan: Soniýew, Şaripow (Rahmatow, 65), Juraboýew, Şaripow, Aliýew, Ergaşew, Saýithoni (Muzafarow, 77), Abdugaforow, Jalilow (Saidow, 68), Rahmonow, Azimow.

Baş tälimçi: Alişer Tuhtaýew.

Türkmenistan: Berdiýew, Annagulyýew, Hojowow, Saparow (k), Annaýew (Seýdiýew, 90), Akyýew (Hojaýew, 90), Goşjanow, Baýew (Kowusow, 72), Rejepow (Akmämmedow, 45), Nurmyradow (Saparmämmedow, 89), Berenow.

Baş tälimçi: Ahmet Agamyradow.

Pökgüleri geçirenler: Annaýew (45), Annagulyýew (86).

Duýduryş alanlar: Nurmyradow (29), Annagulyýew (86), Şaripow (88).

Iň gowy oýunçylar: Oýbek Abdugaforow, Güýçmyrat Annagulyýew.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň futbolçylary (21 ýaşa çenli) Sankt-Peterburgda dowam edýän Arkalaşygyň Kubogy ugrundaky XXIII ýaryşda öz öňlerinde goýlan esasy wezipelerine — toparçadan çykmak wezipesine aňryýany bilen hötde geldiler. Tälimçi Ahmet Agamyradowyň şägirtleri çärýek finalda Täjigistanyň toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip ýarym finala çykdylar.

Duşuşygyň ilkinji minutlary täjik futbolçylarynyň artykmaçlygynda geçdi. Olaryň ildeşlerimiziň goragyny böwüsmek synanyşyklary başa barmady. Goragçylarymyz we derwezeçimiz dürs oýnadylar. Şeýlelikde ýuwaş-ýuwaşdan oýnuň gidişini öz eline alan türkmen futbolçylary garşydaşyň derwezesiniň alkymynda amatly pursatlary döredip başladylar. 45-nji minutda şeýle hüjümleriň biriniň netijesinde Balkanabat futbolynyň uçurymy, häzir “Ahalyň” düzüminde çykyş edýän Gurban Annaýew hasaby açdy. Ýeri gelende bellesek ýaryşda oýunçy synlamaga gelen hünärmenler şu bäsleşikde eýýäm ikinji pökgüsini geçiren ildeşimiziň adyny bellige aldylar.

Ikinji ýarymda esasan, goraga üns berip pökgä eýelik etmeklerini dowam etdirdiler we 86-njy minutda täjik toparynyň derwezesine ikinji pökgini geçirdiler. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edilen “Balkanyň” goragçysy Güýçmyrat Annagulyýew tapawutlandy. Bu onuň şu ýaryşdaky ikinji pökgüsidir. Oýundan soň ýeňiş gazanan türkmen futbolçylarynyň şatlygynyň çägi bolmady.

23-nji ýanwarda geçiriljek ýarym finalda türkmenistanlylara finlýandiýaly deň-duşlary bilen duşuşyk garaşýar.

Arkalaşygyň Kubogy — 2015-iň Türkmenistanyň we Täjigistanyň ýygyndylarynyň duşuşygyndan fotoreportažy synlamagy unutmaň!  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň