Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Watan buýsanjy — Jelaleddin soltan» atly täze pýesa sahnalaşdyryldy

15:0625.11.2021
0
1218

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahnasynda «Watan buýsanjy — Jelaleddin soltan» atly pýesa sahnalaşdyryldy. Täze taryhy pýesanyň awtory Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow, režissýory bolsa Eziz Işangulyýew.

Jelaleddin soltan indi sekiz asyr bäri özüniň beýik watansöýüjiligi, mertligi bilen wepalylygyň nusgasy bolup gelen şahsyýetdir. Ol Alaeddin Muhammet şanyň ogly, Horezm döwletiniň iň soňky soltanydyr. Çingiz hanyň goşunyna garşy halkyň agzybirligine daýanyp göreşmäge synanyşan gahrymandyr. Pýesada waka Çingiz hanyň Horezm döwletine çozmagy bilen başlanýar. Jelaleddin Muhammet şa, Türkan hatyna we şazada doganlaryna Çingizlere garşy agzybirlik bilen, goşuny bölmän göreşmegi teklip etmegi bilen başlanýar. Emma Türkan hatynyň başda durmagy bilen gypjak taýpalarynyň serdarlary öz diýenlerini gögerdip, aýry-aýrylykda göreş alyp barýarlar we masgara bolup ýeňilýärler.

Jelaleddin mongollar bilen ululy-kiçili söweşleriň onlarçasyny guraýar we käbirinde üstünligem gazanýar. Hut Çingiz hanyň özi «Ine, atasynyň hakyky ogly! Şeýle-de bolmalydyr» diýip baha berýär. Soltan Muhammet şa ahyry soltanlyk jygasyny Jelaleddine geýdirýär, ýöne bu giç bolýar. Beýik Horezm döwleti ýakyp ýandyrylyp ýok edilýär.

Eserde Jelaleddiniň keşbinden başga-da Muhammet şanyň, Türkan hatynyň, Çingiz hanyň, Demir Mäligiň, Ynaljygyň, Mahynurdyr Aýçeçegiň we beýlekileriň keşpleri, özboluşly häsiýetleri açylyp görkezilýär.

Eseriň ýaşlara watançylyk terbiýesini bermekde ähmiýeti uludyr.

Täze sahna eseri dekabr aýynda, ýagny Halkara Bitaraplyk gününde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk toýunyň toýlanýan günleri köpçülige ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň