Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda pagta ýygnalan meýdanlarda arassaçylyk işleri geçirilýär

14:5425.11.2021
0
973

Şu günler Daşoguz welaýatynyň obasenagat toplumynyň işgärleri, edermen babadaýhanlar meýdanlarda galan pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygym gutaran meýdanlarda arassaçylyk işlerini geçirip, ýerleri güýzki sürüme taýýarlamak ýaly işleri ýokary depginlerde alyp barýarlar.

Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalary bu möhüm möwsüme taýýarlyk işlerine girişdiler. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde iş önümçiligi ýokary bolan kuwwatly, döwrebap tehnikalaryň alnyp berilmegi, agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegine mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda güýzki sürüm, tekizleme, çil çekme işlerinde ulanyljak tehnikalar abatlanylyp, möwsüme taýýarlanylýar.

Welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda traktorlaryň jemi 811-si bar. Olaryň 382-si sürüm traktorlary, 355-si bejergi we galanlary beýleki traktorlardyr. Häzirki wagtda sürüm traktorlarynyň ählisi möwsüme taýýarlanylyp, olarda abatlaýyş, bejeriş işleri talabalaýyk geçirilýär. Munuň üçin tehniki hyzmat ediş kärhanalary welaýatyň Oba hojalyk önümçilik birleşigi tarapyndan ätiýaçlyk şaýlary bilen doly üpjün edilýär. Bu barada «Watan» gazetinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň