Soňky habarlar

Arhiw

«Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

10:2725.11.2021
0
1122

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan ýylyň her çärýeginde türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde neşir edilýän “Miras” atly ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Neşiriň bu sanyny Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim ulgamynyň işgärlerine Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de türkmen halkyna Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Gutlaglary açýar.

“Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde ýerleşdirilen “Mukaddes Garaşsyzlyk — milletiň buýsanjy” atly makalada türkmen döwletiniň berkarar bolmagynyň taryhy hem-de halkara giňişlikde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Ýene-de şu bölümde Türkiýäniň Egeý uniwersitetiniň professory F.Türkmeniň hem-de Pamukkale uniwersitetiniň mugallymy, dosent S.Saglamyň “Ýusup Has Hajyp we Ýunus Emre sözüň ahlak güýji we ähmiýeti barada” atly makalasy ýerleşdirilipdir.

“Hoja Ahmet Ýasawy: türkmen intellektual aňynyň röwşen sahypasy” atly makala uly gyzyklanma döreder.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölüminde ýerleşdirilen “Türkmenleriň arkalaşmak däbi” atly makalada häzirki wagtda giňden ýaýbaňlandyrylan, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwren bag ekmek çäreleriniň gelip çykyşyna seljerme berilýär. Türkmen halkynyň ahlak we ruhy gymmatlyklaryny açyp görkezýän milli däp-dessurlarymyz beýan edilýär.

“Türkmenleriň keçe sungatynyň taryhyndan” atly makala okyjylary asyrlaryň jümmüşine syýahata alyp gidýär. Bu makala häzirki döwrüň hem-de geçen ýyllaryň alymlarynyň ylmy barlaglarynyň esasynda ýazyldy.

Žurnal «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylyň üçünji çärýegindäki ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn bilen jemlenýär. Neşiriň sahypalary häzirki döwrüň sungat ussatlarynyň işleri we fotosuratlary, seýrek arhiw materiallarydyr kartografiýa şekilleri bilen bezelipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň