Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 2023-nji ýylda AFK-nyň klublaýyn ýaryşlaryna näçe topary ugradyp biljekdigi belli boldy

12:0024.11.2021
0
1003

«Al-Hilal» soňky üç ýylyň içinde iki gezek AFK-nyň Çempionlar ligasyna mynasyp boldy. Şeýlelik bilen, Aziýanyň Futbol konfederasiýasy 2018 ― 2021-nji ýyllar boýunça klublaýyn reýtingi jemledi. Bu reýting Konfederasiýa agza döwletleriň 2023-nji ýylda yklymyň klublaýyn ýaryşyna näçe topary ýollap biljekdigini kesgitleýär.

Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy AFK-nyň reýtinginde 16-njy, bu sanawyň «Günbatar» böleginde bolsa 9-njy orny eýeleýär. Bu orun Türkmenistana 2023-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasyna 1, AFK-nyň kubogyna bolsa 2 topary ýollamaga hukuk berýär.

Döwletlere berilýän kwota aşakdaky görnüşde:

Saud Arabystany 3+1

Eýran 3+1

Katar 2+2

Özbegistan 2+2

BAE 1+2

Iordaniýa 1+1+(1)

Täjigistan 1+0+2

Yrak 1+0+2

Türkmenistan 1+0+2

Hindistan 1+0+2

Liwan 0+1+2

Kuweýt 0+0+2.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň