Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabada täze kommunal awtoulaglary gelip gowuşdy

12:4724.11.2021
0
23347

Daşary ýurtlardan satyn alnan täze tehnikalar Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik-arassalaýyş hojalygy üçin getirildi we şäheri abatlamak, tämizlemek işlerinde giňden ulanylar. Bu barada türkmen telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginde haba berildi.

Habarlar gepleşiginde “MAN TGM” ýük awtoulaglary, “Schmidt AS 990” süpüriji awtoulaglary, “Schmidt Street King 660” hemd-de “Schmidt Swingo 200⁺” we beýleki jemgyýetçilik süpüriji ulaglary görkezildi.

Belläp geçsek, türkmen paýtagtynyň jemgyýetçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň