Türkmen talyplary ýadygärlikleriň «Wirtual goraghanasynyň» taslamasyny taýýarladylar

10:2624.11.2021
0
601
Türkmen talyplary ýadygärlikleriň «Wirtual goraghanasynyň» taslamasyny taýýarladylar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gündogary öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby Atael Astanow hem-de şol ýokary okuw mekdebiň geografiýa hünäriniň 3-nji ýyl talyby Arslan Bäşimow «Ýurdumyzyň tebigy we taryhy ýadygärliklerini sanly ulgamyň üsti bilen hasaba almak, öwrenmek hem-de mahabatlandyrmak» atly taslamasyny taýýarlap Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden «Sanly innowasiýalar» atly programma üpjünçiligi boýunça bäsleşigiň «Innowasion şäher» ugry boýunça üstünlikli çykyş edip, birinji orny eýelemegi başardylar. Bu barada «Nesil» gazetinde habar berilýär.

Taslama işiniň ähmiýeti, adyndan belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň tebigy we taryhy ýadygärliklerini sanly ulgamda hasaba alyp, fotogrammetriýanyň netijesinde olary 3D ölçegli usula geçirmek, ýörite programmada ýadygärliklere wirtual syýahaty guramak we olaryň häzirki görnüşleriniň 3D ölçegli suduryny ýasap, ýörite sanly katalogy — web sahypasyny döretmekden ybaratdyr. Ýaş alymlaryň aýtmagyna görä, bu usul ýadygärliklerde dikeldiş işlerini geçirmekde hem netijelidir.

— Geçen asyrlarda tebigy hadysalara we beýleki sebäplere görä, taryhy hem-de tebigy ýadygärliklere uly zyýan ýetirildi, olaryň birnäçesi tötänleýin ýok edildi. Ýadygärlikleri öwrenmekde we dikeltmekde öňki çyzylan çyzgylar, fotosuratlar, ýerli ýaşaýjylardan toplanan maglumatlar peýdalanylýar, emma bu usullar doly maglumatlary almaga mümkinçilik bermeýär. 3D ölçegli katalogyň döredilmegi ýadygärliklere gitmezden, taryhy maglumatlary özleşdirmäge, olary tebigy hadysalaryň netijesinde zaýalanan ýagdaýynda-da öwrenmäge mümkinçilik berýänligidir — diýip, ýaş alymlar bu işiň derwaýyslygy hakda gürrüň berýärler.

Ylmy taslamada hökman täzelik, açyş bolmaly. «Wirtual goraghananyň» täzeçilligi hakda aýtsak, ol tehnologiýanyň öňdebaryjy ugry bolan emeli aňyň kömegi bilen amala aşyryldy. Bu taslama işiniň netijesinde diňe Türkmenistanda däl, eýsem, dünýäniň beýleki künjeklerinde-de türkmen taryhy bilen içgin gyzyklanýanlara ýadygärliklerimize wirtual syýahat etmäge mümkinçilik dörär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň