Soňky habarlar

Arhiw

Belarusda okaýan türkmenistanly talyp bosgunlara meýletin terjimeçilik kömegini berýär

22:5923.11.2021
0
1470

Belarus Respublikasynyň Grodno şäherindäki Ýanka Kupala adyndaky döwlet uniwersitetinde okaýan türkmenistanly talyp gyz Laçyn Taganowa belarus-polşa serhedine ýygnanan, rus, belarus we iňlis dillerini bilmeýän bosgunlara talyp ýoldaşlary bilen bilelikde, terjimeçilik kömegini berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Belarusyň serhet goraýjylary bosgunlar bilen düşünişmekde we olar bilen aragatnaşykda bolmakda talyp Laçyn Taganowanyň ukyp-başarnygynyň ýokarydygyny belleýärler.

Türkmenistanly talyp gyz uniwersitetiň filologiýa fakultetinde okaýar. Ol häzirki wagtda iňlis we pars dilinde gürleýän bosgunlara kömek edýär. Talybyň türk dilini hem gowy bilýändigini bellemek möhümdir.

Meýletin terjimeçi L.Taganowa «Bruzgi» barlag nokadynyň golaýyndaky ulag we logistika merkezinde bosgunlar üçin döredilen wagtlaýyn ýaşaýyş meýdançasynda nobatçylyk edýär. Häzir ol ýerde takmynan 2 müň adam bar.

Bosgunlara kömek etmekde köp tejribe toplaýan talyp gyz öz meýletin terjimeçiligi barada şeýle diýýär:

– Adamlara kömek etmek isledim, üstesine-de, geljek üçin köp tejribe topladym. Men köp çaganyň häzirki howada ýyly eşikleriniň ýoklugyndan aladalanýan, şonuň üçin olar köplenç kesel bolýarlar. Bosgunlar bilen işlemek adamlara kömek etmekde-de, hünär tejribesini gazanmakda-da möhümdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň