Soňky habarlar

Arhiw

Türkmeniň milli senenamasynda garagyş döwri başlandy

16:2223.11.2021
0
1595

Türkmenistanda gyş esasan, üç hilidir. Bir gyş bardyr, ol wagtynda girer, wagtynda çykar. Oňa takyk gyş diýilýändir. Onuň möhleti 90 gündir. Başga bir gyş bolsa wagtyndan irräk düşer, güýzden bir aý töwerek wagty, soňundan ýazdanam şonçarak alar, şeýderde 4-5 aýa golaýlar, ir girip, giç çykar. Oňa gelmişek ýada gaýry gyş diýilýär. Onuň sebäbi-de goňşy ýurtlarymyzda gyşyň adatdan daşary gazaply-güzaply gelýändigi sebäplidir. Üçünji bir gyş, ol bolsa öňünden bir aýyny güýze goşar, soňundanam bir aýyny ýaza goşar, ortada ýekeje aý sowuklyk bolar.

Türkmenleriň ýyldyz senenamasyna görä, gyş pasly Noýabr aýynyň 23-inden Fewral aýynyň 21-ine çenli dowam edýär. Ýöne ata-babalarymyz gyş paslyny dört döwre bölüpdirler: garagyş, uly çille, kiçi çille we ahyrky garagyş.

Olaryň jemi 90 güne deň bolup, bu döwürler ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan seneleri, meteorologik we fenologik tebigat üýtgeşmeleri bilen hem baglanyşyklydyr.

Akrapdan soň dowam edýän Garagydş döwri 23-nji noýabrda başlanýar. Ol bary-ýogy 15 gün dowam edýär, ýagny 7-nji dekabra çenli. Garagyş gyşyň başlangyjy, buşlukçysy.

Garagyş – çolukdyr çopanyň synag döwri. Garagyşa çenli hemme hasyllar ýygnalyp gutarylýar, ýerler şüdügärlenip goýulýar. Bu döwürde galyň garyň düşýän wagtlaram seýrek bolmaýar. Türkmenistanyň hemme ýerinde howanyň we topragyň üstüniň sowuklygy nol derejeden aşakda bolýar.

Garagyş güýz we gyş pasyllarynyň arasyndaky gysga wagtlaýyn 15 günlük geçiş döwri diýsek ýalňyşmarys. Ol gyş bilen ýazyň arasyndaky alabahar sözi bilen asyldaşdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň