Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistana resmi sapary başlanýar

00:4721.01.2015
0
2689

Aşgabat, 21-nji ýanwar. “Türkmenportal”.

Şu gün — 21-nji ýanwarda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana döwlet sapary başlanýar.

Bu sapar we Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikler däbe öwrülen, täze mazmuna eýe bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň we ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.

Garaşylyşy ýaly, ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-owgan gepleşikleriniň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygynyň — ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde meseleleriň giň topary giriziler. Iki ýurduň Liderleri ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak we uzakmöhletleýin geljek babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek duşuşygyň jemleri boýunça täze ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň