Türkmenabatdaky tikin fabriginde tikin we trikotaž önümleriniň 120-den gowrak görnüşi öndürilýär

12:1623.11.2021
0
564

Türkmenabatdaky tikin fabrigi Türkmenistandaky baýry kärhanalarynyň biridir. Bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler müşderileriň arasynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli tikinçilik önümlerini öndürýärler. Olar ýurduň ykdysady ösüşine, içerki bazaryň harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Fabrikde oturdylan häzirkizaman tikinçilik enjamlary bolsa öndürilýän önümleriň hiliniň ýokary bolmagyna şert döredýär.

Häzirki wagtda bu kärhanada tikin we trikotaž önümleriniň 120-den gowrak görnüşi öndürilýär. Olar alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýän harytlardyr. Bu ýerde öndürilýän erkekler, aýallar we çagalar üçin möwsümleýin geýimler, ýantorbalar, düşek toplumlary, ýorgan, ýassykdaşy ýaly önümler ilata elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Agzybir we tutanýerli zähmetiň netijesinde kärhanada aýlyk we ýyllyk meýilnamalar hemişe artygy bilen berjaý edilýär.

Bu fabrikde işçileriň dynç alşyny guramak, zähmetini goramak boýunça talabalaýyk işler alnyp barylýar. Önümçilikde tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmäge bagyşlanan okuwlar guralýar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň